Iň täze habarlar

Halkara söwda merkeziniň wekiliýeti Aşgabatda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

05.07.2024 | 12:10 |
 Halkara söwda merkeziniň wekiliýeti Aşgabatda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Halkara söwda merkeziniň wekiliýetine Adelina Harunženen we Alekseý Bondarenko girdi.

Hususan-da, taraplar gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň ulanylyşy boýunça okuw tälimlerini we sapaklary, şeýle hem daşary ýurtlara syýahatlary guramak ýaly ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanda elektron nobatlarynyň dolandyryş ulgamyny (eQMS) ornaşdyrmagyň mümkinçiligine garaldy.

Şu ýylyň başynda Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara söwda merkeziniň bilelikdäki «Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýany ýokarlandyrmak» taslamasyna badalga berildi. Bu taslama Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde BSG-niň Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek baradaky ylalaşygy we Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli komiteti konsepsiýasy esasynda döwlet gullukçylary üçin üç günlük okuw çäresiniň geçirilendigini bellemek gerek.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: