Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk harytlary uly islegden peýdalandy

03.07.2024 | 12:10 |
 TDHÇB-de söwdalar: ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk harytlary uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 1-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk harytlary uly islegden peýdalandy.

Türkiýeden telekeçiler nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 3 414 512 manada we 702 300 dollara deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: