Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümleri we el halylary ýerlenildi

04.07.2024 | 12:20 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümleri we el halylary ýerlenildi

Çarşenbe güni, 3-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa pudagynyň önümleri we el halylary ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan telekeçiler « «A4009 MFN 1325» kysymly polietilenden öndürilen 10 litrlik bedreleri satyn almak boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri garyşyk parafin gaçy satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri «Türkmenhaly» döwlet birleşiginden türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 19 911 545,48 manada we ABŞ-nyň 1 150,20 dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: