Iň täze habarlar

Awstraliýa daşary ýurtly talyplar üçin wiza töleglerini ýokarlandyrdy

03.07.2024 | 12:50 |
 Awstraliýa daşary ýurtly talyplar üçin wiza töleglerini ýokarlandyrdy

Migrasiýa özgertmeleriniň çäklerinde Awstraliýa şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, halkara talyp wizalarynyň tölegini 710-dan 1600 awstraliýa dollaryna çenli ýokarlandyrdy. Bu barada Awstraliýanyň Hökümetiniň saýtynda habar berilýär.

Ýurduň bilim ministri Jeýson Kleriň bellemegine görä, bu karar halkara bilim ulgamynyň bitewiligini berkitmäge we möhüm özgertmeleri maliýeleşdirmäge gönükdirilendir.

Içeri işler ministri Kler O'Nil täze çäreleriň bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň bitewiligini dikeltmäge kömek etjekdigini belleýär.

Resmi maglumatlara görä, Awstraliýada daşary ýurtly talyplaryň sany 650 müň adamdan geçdi.

ORIENT news

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: