Iň täze habarlar

Gazagystanda elektron söwdanyň Merkezi Aziýada iň iri paýlaýjy merkezleriniň biri peýda bolar

03.07.2024 | 11:45 |
 Gazagystanda elektron söwdanyň Merkezi Aziýada iň iri paýlaýjy merkezleriniň biri peýda bolar

Gazagystanda elektron söwdanyň Merkezi Aziýada iň iri merkezleriniň biri peýda bolar. Bu baradaky mesele ýurduň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakkgalyýewiň Hytaýyň YTO Express Co. logistika kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Ýu Weýszýa bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Kazpoçta” paýdarlar jemgyýeti bilen durmuşa geçiriljek bu taslama sebitde ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we halkara onlaýn söwdany ösdürmek boýunça möhüm ädim bolar. Merkez harytlary dessin kabul etmegi we ony Ýewropa Bileleşigi, Ýewraziýa ykdysady birleşigi we Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýetirmegi üpjün eder.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynda Hytaýyň Şanhaý, Nankin we Uhan şäherlerinde bond ammarlary açyldy.

Bu paýlaýjy merkezden başga-da, YTO Express Co. ABŞ-da, Braziliýada, Tailandda, Wengriýada we BAE-de ýene-de bäş merkezi açmagy meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: abireg.ru

Şeýle hem okaň: