Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda saglygy goraýyş ulgamyndaky innowasion işläp taýýarlamalar tanyşdyryldy

02.07.2024 | 10:05 |
 Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda saglygy goraýyş ulgamyndaky innowasion işläp taýýarlamalar tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gtanaşyklary institutynyň ylym-usulyýet merkezi saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça işläp taýýarlamalaryň tanyşdyrylýan ýerine öwrüldi.

Çärede BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ornaşdyrylýan sanly mehanizmler bilen tanyşdyryldy.

Çärä gatnaşyjylar keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmegi kämilleşdirmek üçin Türkmenistanda ornaşdyrylýan sanly çözgütleriň, ammarlarda sanly hasaba almagyň nusgalary, mobil goşundylar we beýleki sanly instrumentler bilen tanyşdylar.

Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy lukmançylyk edaralaryň işini kämilleşdirmek bilen birhatarda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýär. Munuň özi ählumumy wehimler bilen baglylykda keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmekde sanly çözgütleriň esasy orun eýeleýän döwründe aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

ORIENT news

Foto: instagram.com/undp_turkmenistan

Şeýle hem okaň: