Iň täze habarlar

Eýranda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 5-nji iýulda geçer

02.07.2024 | 09:57 |
 Eýranda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 5-nji iýulda geçer

28-nji iýunda Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň hiç biri hem sesleriň 50 göterimini almagy başarmady.

Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 5-nji iýulda geçiriler.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, ikinji tapgyra ozalky saglygy goraýyş ministri Masud Pezeşkian (42,5%) hem-de konserwator Said Jalili (38,7%) geçdiler. Olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümi 3-nji iýulda tamamlanar.

Pezeşkian we Jalili 1-nji iýulda döwlet telewideniýesinde bäsleşerler. Şu gezekki Prezident saýlawlaryna saýlawçylaryň 40 göterimi gatnaşdy. Munuň özi Respublikanyň taryhynda iň pes görkezijidir.

ORIENT news

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: