Iň täze habarlar

Halkara agyr atletika federasiýasynyň Baş dolandyryjy direktory bilen duşuşyk geçirildi

28.06.2024 | 14:05 |
 Halkara agyr atletika federasiýasynyň Baş dolandyryjy direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) edara binasynda bu guramanyň Baş dolandyryjy direktory Akiles Tsogas bilen Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň prezidenti Berdinyýaz Mätiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyň barşynda taraplar Türkmenistanda halkara we sebitleýin agyr atletika ýaryşlaryny geçirmek, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny gurnamak, türgenleri taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Mundan daşary, ýurdumyzda sportyň bu görnüşiniň dünýä derejesinde ösdürilýändiginiň aýdyň nyşany hökmünde, Halkara agyr atletika federasiýasynyň Baş dolandyryjy direktory Akiles Tsogas tarapyndan 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen emininiň gatnaşmagy baradaky sertifikat resmi taýdan gowşuryldy.

ORIENT news

Foto: Permanent Mission of Turkmenistan to the United Nations Office at Geneva

Şeýle hem okaň: