Iň täze habarlar

Pakistan «Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesine goşulmagy maksat edinýär

28.06.2024 | 12:53 |
 Pakistan «Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesine goşulmagy maksat edinýär

Pakistan «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesine goşulmaga taýyn. Bu barada Respublikanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Muhammad Halid Jamali Hanty-Mansiýskde geçirilen halkara IT forumynda eden çykyşynda belledi diýip, TASS habar berýär.

«Pakistan halkara ulag geçelgesine goşulmaga razy we bu babatda degişli işlere başlady. Biz bu ugurda hereket edýäris» diýip, Pakistanyň diplomatik wekilhanasynyň başlygy aýtdy.

Şeýle hem diplomat Pakistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegi maksat edinýändigi barada durup geçdi.

«Biz taryhy Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge synanyşýarys. Päkistanyň sitrus miweleriniň ilkinji tapgyry Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen Dagystana getirildi. Bu täze söwda ýoly eýýäm 1 milliard dollara ýeten söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçilikler açýar» diýip, ilçi aýtdy.

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi Hindistandan, Günorta-Gündogar Aziýadan, Afrikadan we Ýakyn Gündogardan Ýewropa we yzyna haryt daşamak üçin esasy ugurdyr. «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň beýleki ugurlardan esasy artykmaçlygy ýoluň aralyklaryny iki we ondan köp esse gysgaltmagydyr, bu bolsa ýük daşaýjylara wagty hem-de çykdajylary tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: ria.ru

Şeýle hem okaň: