Iň täze habarlar

Arkadag şäherinde demirýol menzili we beýleki möhüm desgalar gurlar

28.06.2024 | 23:32 |
 Arkadag şäherinde demirýol menzili we beýleki möhüm desgalar gurlar

Anna güni Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow edaralara we kärhanalara ýerli gurluşyk kompaniýalary bilen Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar bermek barada Karara gol çekdi.

Hususan-da, täze şäherde demirýol menzili, awtomenzil, awtoulag kärhanasy, söwda-hyzmat toplumy, seýsmologiýa stansiýasy ýaly desgalary we 72 sany iki gatly ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.

Resminama laýyklykda gurluşyk işlerine şu aý başlanylar we 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlanar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: