Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanda Türki döwletleriň işewürlik forumyna gatnaşdy

28.06.2024 | 12:00 |
 Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanda Türki döwletleriň işewürlik forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 27-nji iýunda Gyrgyzystanda geçen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşmesiniň forumyna gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Mundan başga-da, foruma Guramada synçy döwletleriň Wengriýanyň Demirgazyk Kipriň wekiliýetleri hem-de beýleki Ýewropa ýurtlaryň wekilleri çagyryldy.

Türki döwletleriň guramasynyň ýurtlarynyň ägirt uly söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlary hem-de ösen ulag-aragatnaşyk ulgamy bar.

Türkmenistan sebitde telekeçilik işiniň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy, iberilýän harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi, sebit söwdasyndaky tehniki päsgelçilikleriň azaldylmagy ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda tagallalary birleşdirmek teklip edildi.

Türki döwletleriň guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň Söwda-senagat edaralary 2024-nji ýylyň 19-20-njy sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyryldy.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: