Iň täze habarlar

Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty geçiriler

29.06.2024 | 17:50 |
 Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty geçiriler

Anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 11-22-nji noýabrynda Baku şäherinde geçjek COP-29 maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görmegine başlamak baradaky teklibini makullady.

Taýýarlyk görmegiň çäklerinde 22-nji iýulda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň ýanyndaky iş toparyň mejlisini geçimek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem sentýabr aýynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň forumlaryny, noýabr aýynda bolsa Aşgabatda BMG-niň we onuň düzüm bölümleriniň howandarlygynda howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty geçirmek teklip edildi.

DIM-niň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, bu teklipler Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna esaslanýar hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: