Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy

28.06.2024 | 09:25 |
 Türkmen wekiliýeti  gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşykda öňdebaryjy tejribe paýlaşyldy we özbaşdak gämiçiligi ösdürmek ulgamyndaky möhüm meselelere ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ugurda sebit taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine seredildi.

Gämileriň gurluşygynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Pattaýanyň portlarynyň terminallary bilen tanyşdylar. Hususan-da, Pattaýanyň 25 kilometr demirgazygynda ýerleşýän we dünýäniň iň iri 25 deňiz portunyň hataryna girýän «LaemChabang» portuna baryp gördüler.

ORIENT news

Foto: tmrl.gov.tm

Şeýle hem okaň: