Apple Vision Pro enjamlarynda Alibaba we JD.com goşundylary ornaşdyrylar
26.06.2024 | 09:45 |Apple Hytaýdaky ulanyjylar üçin VR-söwdany hödürleýär. Kompaniýa Vision Pro garniturasy tarapyndan goldanylýan goşundylaryň sanawyna Hytaýyň iki sany iri internet-magazinlerini goşdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.
Apple Vision Pro 28-nji iýunda Hytaýda satuwa çykarylar.
Alibaba Group Holding-e degişli Taobao internet-magazini öz goşundysynda Xiaomi awtoulaglarynyň sürüjilik synag we makiýažyň dürli görnüşleriniň nusgalaryny hödürlär.
Onuň esasy bäsdeşi JD.com JD.Vision goşundysyny ýola goýdy. Bu goşundy emele intellektli çat-botlary ulanmak arkaly harytlary wirtual ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Goşundylaryň goldanylmagy Vision Pro-nyň bazarda üstünlik gazanmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Hytaýdan başga-da, Vision Pro garniturasy 28-nji iýunda Ýaponiýada we Singapurda, 12-nji iýuldan başlap bolsa Germaniýada, Fransiýada, Awstriýada, Beýik Britaniýada we Kanadada satuwa çykarylar.
ORIENT news