Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dokma we nebithimiýa senagatynyň we gurluşyk serişdeleri ýerlenildi

27.06.2024 | 09:34 |
 Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dokma we nebithimiýa senagatynyň we gurluşyk serişdeleri ýerlenildi

25-nji iýunda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dokma we nebithimiýa senagatynyň we gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.

BAE-niň we Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, «BND 60/90» kysymly nebitýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem olar «Türkmenhaly» döwlet birleşiginden el halylaryny, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden float aýnany satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy 13 485 236,69 manat we 943 750 dollar bolan ýedi geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: