Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly-2024” halkara awtorallisine gatnaşarlar

01.07.2024 | 10:06 |
 Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly-2024” halkara awtorallisine gatnaşarlar

Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisine gatnaşarlar. Şeýle hem bu ýaryşa Russiýanyň, Belorussiýanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň wekilleri gatnaşar.

Ýaryş bäş ulag görnüşinde geçiriler. Jemi 67 ulag serişdesi hasaba alyndy.

Şu ýyl ralli 5-15-nji iýulda Russiýanyň we Mongoliýanyň çägi boýunça geçer we Tomsk şäherinde badalga alyp Ulan-Batorda tamamlanar. “Ýüpek ýoly” ralliniň ugry 5257 kilometre, ýörite bölekleriň uzynlygy bolsa 2993 kilometre deňdir.

Geçen ýyl “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Nissan Patrol” awtoulagynda çykyş eden Myrat we Şöhrat Toýlyýewler ikinji orna mynasyp boldular, Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasynyň pilotlary Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmyradow bolsa üçünji orny eýelediler.

“Ýüpek ýoly” halkara rallisi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelýär we diňe bir Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinde däl, eýsem Ýewraziýa ýurtlaryny hem birleşdirýär. Ol Russiýa, Hytaý, Gazagystan Mongoliýa, Türkmenistan ýaly ýurtlaryň çäginden geçdi.

Ýaryşyň baş hyzmatdaşlary hökmünde “Gazprom” APJ hem-de Hytaýyň Awtomobil we motosiklet sporty federasiýasy çykyş edýär.

ORIENT news

Foto: awtoulag.gov.tm

Şeýle hem okaň: