Iň täze habarlar

BAE-de ADIPEC-2024-de Türkmenistanyň ykdysady forumy geçiriler

29.06.2024 | 21:45 |
 BAE-de ADIPEC-2024-de Türkmenistanyň ykdysady forumy geçiriler

7-8-nji noýabrda Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum geçiriler.

Çäräni BAE-niň paýtagtynda 4-7-nji noýabrda geçjek ADIPEC-2024 halkara nebitgaz sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde guramak meýilleşdirilýär.

Maslahatyň sessiýalaryna 100-den gowrak ministrler we pudak ýolbaşçylary gatnaşar.

visitbanner1.jpg

Bu iri halkara serginiň meýdançalarynda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika kuwwatyny, şeýle hem senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerini tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada 28-nji iýunda Türkmenistanyň Hökümet Mejlisinde habar berildi.

Şu ýyl ADIPEC sergisinde öňdebaryjy tehnologiýalar, emeli intellekt ýaly meselelere aýratyn üns berler.

ORIENT news

Foto: adipec.com

Şeýle hem okaň: