Iň täze habarlar

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” sergisinde milli brendleri tanyşdyrýar

28.06.2024 | 01:38 |
 Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” sergisinde milli brendleri tanyşdyrýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri 26-30-njy iýunda Urumçi şäherinde geçýän “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar.

Türkmenistanyň milli pawilony daşary ýurtly işewürleri ýurdumyzyň içerki bazaryň ösüşi we söwda-ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.

28062024-china-eurasia- expo.jpeg

Serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlary, tejribe alyşmak boýunça duşuşyklar we beýleki işewürlik hem-de medeni çäreler geçirilýär. Dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan iri kompaniýanyň gatnaşmagynda geçýän bu sergi Ýewraziýa giňişliginde milli brandleri ilerletmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin oňat meýdança bolup durýar.

ORIENT news

Foto: cci.gov.tm

Şeýle hem okaň: