Iň täze habarlar

Týanszin şäherinde Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy

27.06.2024 | 10:14 |
 Týanszin şäherinde Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy

Penşenbe güni Hytaýyň demirgazygyndaky Týanszin şäherinde intellektual tehnologiýalar pudagyndaky iň iri halkara çäreleriniň biri bolan Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Bu ýylky EKSPO «Intellekt: ösüş üçin giň giňişlik, durnukly ösüş üçin hereketlendiriji güýç» mowzugyna bagyşlanýar.

Sergi Týansziniň we Çunsiniň (Günorta-Günbatar Hytaý) hökümetleri tarapyndan bilelikde guraldy hem-de akademiki innowasiýalar üçin ählumumy platforma döretmäge we «akylly» tehnologiýalar pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.

Bütindünýä intellektual EKSPO iki çäreden ybarat – Týanszindäki Bütindünýä intellekt kongresi, şeýle hem öňdebaryjy kärhanalaryň, halkara guramalaryň, meşhur gözleg institutlarynyň we uniwersitetleriniň gatnaşmagynda Çunsindäki Hytaýyň intellektual senagatynyň halkara sergisi.

Bu ýere gelýänler emeli aňa, intellektual ulgamlar birikdirilen ulag serişdelerine, intellektual önümçilige we robototehnika bagyşlanan sergi meýdançalary bilen tanşyp bilerler.

HHR-niň Prezidenti Si Szinpin Halkara intellektual EKSPO gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Onda Hytaýyň beýleki ýurtlar bilen bilelikde ösen sanly tehnologiýalary ulanmaga, emeli aňy ösdürmek we dolandyrmak pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT news

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: