Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: ýeňil senagat önümleri we «TPP D 30 S» kysymly polipropilen ýerlenildi

28.06.2024 | 10:57 |
 TDHÇB-de söwdalar: ýeňil senagat önümleri we «TPP D 30 S» kysymly polipropilen ýerlenildi

Penşenbe güni, 27-nji iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagat önümleri we «TPP D 30 S» kysymly polipropilen ýerlenildi.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkiýeden telekeçiler nah galyndylaryny satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 960 000 manada we ABŞ-nyň 275 000 dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: