Iň täze habarlar

Eýranda Prezident saýlawlary geçýär

01.07.2024 | 10:20 |
 Eýranda Prezident saýlawlary geçýär

Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçýär.

Içeri işler ministr Ahmad Wahidi bu saýlawlarda howpsuzlyk meselesine uly üns berilýändigini belledi. Saýlaw uçastoklarynda hukuk goraýjy edaralaryň 180-e golaý işgäri düzgün-tertibi üpjün edýär.

Eýranyň Konsitiusiýasynyň goragçylarynyň 12 adamdan ybarat bolan geňeşi saýlawlara 6 dalaşgäri geçirdi. Olaryň ikisi, hususan-da, wise-prezident, Amir-Hosseýn Gazizade Haşemi we Tähran şäheriniň häkimi Aliriza Zakani soňky pursatda saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwürdiler.

Şeýlelikde, ýurtda ruhy Lideri aýatolladan soňra ähmiýeti boýunça ikinji döwlet wezipesine parlamentiň ýolbaşçysy, Eýranyň harby howa güýçleriniň ozalky serkerdesi Mohammad Bagir, ozalky adalat we içeri işler ministri Mostafa Purmohammadi, ozalky deputat we kardiohirurg Masud Pezeşkian hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Said Jalili dalaşgärlik edýär.

Eýranda möhletinden öň Prezident saýlawlary Seýed Ebrahim Raisi dikuçar heläkçiliginde wepat bolandan soňra yglan edildi.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: