Iň täze habarlar

BMG-niň agentlikleri Türkmenistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýynyň seljermesini geçirdiler

01.07.2024 | 10:45 |
 BMG-niň agentlikleri Türkmenistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýynyň seljermesini geçirdiler

BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasy BMG-niň Türkmenistandaky beýleki agentlikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylyň mart – iýun aýlary aralygynda Türkmenistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýynyň giňişleýin seljermesini geçirdi.

Bu seljerme UNFPA-nyň halkara bilermeni Sýuzanna Dakaş tarapyndan Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip düzülmeginiň çäklerinde geçirildi.

Ol Türkmenistanyň ýaşlar meselesi bilen meşgullanýan esasy ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan alnyp barlan işleriň we resminamalaryň synyny, ýaşlar bilen ýüzbe-ýüz pikir alyşmalaryň netijelerini öz içine alýar. Hasabat Türkmenistanda ýaşlary goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen täsirli milli syýasaty we maksatnamalary işläp düzmek üçin gymmatly gural bolmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem bu syn BMG-niň maksatnamalarynyň ýaşlar ulgamynda ileri tutulýan milli ugurlary we BMG-niň ýaşlar baradaky strategiýasy bilen ylalaşygy gowulandyrmalydyr.

2026 – 2030-njy ýyllarda ýaşlary ösdürmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň işlenip düzülmegine esas döredýän seljermäniň jemleýji netijeleri 11-nji iýulda, Bütindünýä ilat gününde hödürlener.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.unfpa.org

Şeýle hem okaň: