Iň täze habarlar

Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň agzalary BMG-niň işinde emeli aňy ulanmak barada öwrendiler

01.07.2024 | 10:52 |
 Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň agzalary BMG-niň işinde emeli aňy ulanmak barada öwrendiler

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň agzalary «Innowasiýalar we emeli aň parahatçylygyň hyzmatynda» atly onlaýn maslahata gatnaşdylar.

BMG-niň Syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça müdiriýetiniň Syýasat we araçylyk bölüminiň Innowasiýalar bölümçesiniň başlygy Martin Weliş maglumatlary we hasabatlary gaýtadan işlemek üçin has ygtybarly mümkinçiliklere, innowasiýalara we sanly özgertmelere, strategiki çaklamalara, özüňi alyp baryş ylymlaryna, öndürijilige we netijelere gönükdirilen BMG-niň 2.0 «Özgertmeler kwinteti» syýasaty bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Şeýle hem ol BMG-niň, Sekretariatyň, ýerli wekilhanalaryň we agentlikleriň işinde emeli aňyň hem-de innowasiýalaryň ulanylyşynyň täze usullary barada gürrüň berdi.

Talyplar alan nazary bilimlerini amaly gönükmeler bilen jemlediler, bu bolsa syýasy çykyşlar seljerilende emeli aňyň oňaýly we oňaýsyz taraplaryny bahalandyrmaga kömek etdi. Bu gönükmeler bar bolan emeli aň gurallaryny geljekde kadalaşdyrmagyň we ösdürmegiň zerurdygyny görkezdi.

ORIENT news

Foto: unrcca.unmissions.org

Şeýle hem okaň: