Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

28.06.2024 | 15:30 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 25-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary duşuşygyň esasy temalary boldy.

28062024-World Exhibition EXPO – 2025 (1).jpg

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalar we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon tarapy ýurduň EKSPO-2025-e gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, işleriň netijeli guralýandygy we ähli wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildiri.

28062024-World Exhibition EXPO – 2025 (3).jpg

Mundan başga-da, saparyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýumeşima adasynda ýerleşen serginiň geçiriljek meýdançasyna baryp gördüler we Milli pawilýonyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdylar.

ORIENT news

Foto: japan.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: