Iň täze habarlar

Türkmenistan we Azerbaýjan Orta geçelgäni diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

26.06.2024 | 14:20 |
 Türkmenistan we Azerbaýjan Orta geçelgäni diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

«Azerbaýjanyň demir ýollary» (ADÝ) ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamow Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda demirýol ulaglary pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, Merkezi Aziýa – Ýewropa we Hytaý – Ýewropa ugurlary boýunça ýük daşamalaryň we multimodal ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ADÝ-niň başlygy «Türkmennebeit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirip, ADÝ tarapyndan Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri barada anyk maglumatlary berdi.

ORIENT news

Foto: Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: