Iň täze habarlar

Türkmenistanda gümrük kanunçylygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyryldy

27.06.2024 | 09:45 |
 Türkmenistanda gümrük kanunçylygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyryldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň gümrük kanunçlygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga «Türkmendeňizýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenistanyň ulag logistika merkezi» APJ, Awtoulag bilen ýük daşaýjylaryň Halkara Assossiýasiýasynyň wekilleri, şeýle hem logistika kompaniýalaryň işgärleri hem-de gümrük brokerleri gatnaşdylar.

Gümrük kanunçylygyna girizilen täzeçillikler Ygtyýarly ykdysady operator hukuk derejesini almagyň tertibi bilen baglanyşyklydyr.

Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna ýuridiki şahslary girizmegiň ýa-da çykarmagyň tertibi, şeýle hem olaryň bellige alnandygy baradaky şahadatnamany bermegiň, hereketlerini duruzmagyň ýa-da gaýtdan dikeltmegiň düzgünleri şu ýylyň mart aýynda tassyklandy.

Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar baradaky deslapky maglumatlar bilen baglanyşykly kadalar bilen tanyşdyryldy. Bu kadalar 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girdi. Şeýlelikde, ýük daşaýjylar harytlar baradaky maglumaty bu harytlar Türkmenistanyň çägine girmänkä berip bilerler. Deslapky maglumatlar türkmen, rus ýa-da iňls dilinde «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamy ýa-da TIR-EPD ulgamlary arkaly berlip bilner.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: