Iň täze habarlar

Türkmen emirlikler işewürlik forumynda özara haryt dolanşygyň 1,5 esse artandygy bellenildi

25.06.2024 | 21:25 |
 Türkmen emirlikler işewürlik forumynda özara haryt dolanşygyň 1,5 esse artandygy bellenildi

Aşgabatda geçirilen Türkmen emirlikler işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň ýolbaşçylgyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.

Söwda senagat edarasyndaky çäräniň öňüsyrasynda myhmanlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň önümleri görkezildi, iri maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy.

2 Выставка Осмотр (1).jpg

2 Выставка Осмотр (4).jpg

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Duşuşyk ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna täze itergi bermek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen guraldy.

3 Встреча руководителей двух стран (1).jpg

3 Встреча руководителей двух стран (8).jpg

Işewürlik maslahatyny wize-premýer Batyr Atdaýew açdy. Ol gatnaşyjylary mübärekläp, iki ýurduň döwlet Baştutuanlarynyň tagallalary netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne amala aşyran taryhy sapary, Prezident Muhammet bin Zaed Al Nahaýýan bilen geçiren gepleşikleri hem-de gol çekilen möhüm resminamalar bu hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan 120 ýurduň hatarynda BAE esasy orunlaryň birini eýeleýär. Soňky 5 ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1,5 esse artdy we 2024-nji ýylyň başyndan bäri depginli artmagyny dowam edýär diýip Atdaýew aýtdy.

4 Форум (2).jpg

BAE-niň kompaniýalary Türkmenistanda birnäçe maýa goýum taslamalaryna gatnaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň entäl ulanylmadyk ägirt uly mümkinçilikleri bar diýip wize-premýer belledi we ähli ulgamlarda ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, ýangyç energetika toplumyny, şol sanda “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegini, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary, nebit we gazhimiýa pudagynda täze kärhanalaryň döredilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda agzady.

Türkmenistanyň himiýa senagaty hem uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzda ýerli çig mal esasasynda tehniki ýody, bromy, hlorly önümleri, kalustik sodany, natriý sulfatyny öndürmek boýunça ýokary tehnologiýaly kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda Batyr Atdaýew BAE-niň kompaniýalaryny tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

4 Форум (17).jpg

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamy ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň çäginde gurluşygy, Abu Dabiniň ösüş gaznasy bilen bilelikde maliýeleşdirilen kuwwaty 10 MBt gün-ýel elektrik bekedi “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmekde hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň serişdeleriniň öňdebaryjy senagaty kemala gelýär. Sement, aýna, demir önümlerini öndürýän iri kärhanalar guruldy, bazalt süýüminden önümleri, keramiki önümleri, faýans önümleri öndürýän iri kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär.

Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Göni we ýüňi gaýtadan işlemek boýunça kärhanalary gurmak, täze mata we haly önümçiliklerini döretmek ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

4 Форум (16).jpg

Ulag we logistika ulgamynda, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, aragatnaşyk we saly ykdysadyýeti ösdürmek, maşyngurluşygy, oba hojalygy ýaly ugurlarda hem uly mümkinçilikler bar.

Iň iri milli taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy barada Batyr Atdaýew aýratyn durup geçdi. Täze “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat, medeni-durmuş we tehniki desgalaryň köpsanlysyny bina etmek meýilleşdirilýär we BAE-niň kompaniýalary bu taslamalara gatnaşmaga çagyrylýar.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyny, baý çig mal binýadyny, energiýa serişdeleriniň içerki bazardaky amatly bahasyny we ygtybarly hukuk binýadyny Batyr Atdaýew türkmen bazarynyň daşary ýurtly işewürler üçin özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň hatarynda belledi.

2 Выставка Осмотр (2).jpg

Foruma BAE-niň Ykdysadyýet ministrliginden, söwda-senagat edaralaryndan, başga-da 40-a golaý kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan bolsa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edarlarynyň, Söwda senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: