Iň täze habarlar

Aşgabatdaky Koreý dilini we medeniýetini öwrenmegiň merkezi hormatly Koreýaly myhmany kabul etdi

15.10.2024 | 10:52 |
 Aşgabatdaky Koreý dilini we medeniýetini öwrenmegiň merkezi hormatly Koreýaly myhmany kabul etdi

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň aýaly Hanym Şin Kýunghe Patyşa Seljon adyndaky Koreý dilini we medeniýetini öwrenmegiň merkezine baryp gördi.

Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň habar bermegine görä, hormatly myhmanyň we Merkeziň diňleýjileriniň gatnaşmagynda koreý dilini başlangyç we orta derejede bilýänleriň arasynda hatdatlyk boýunça bäsleşik geçirildi. Patyşa Seljon adyndaky Koreý dilini we medeniýetini öwrenmegiň merkezi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda 2019-njy ýylyň sentýabrynda döredildi.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: