Iň täze habarlar

Dizaýny kanuny taýdan goramaga bagyşlanan seminar geçirildi

16.10.2024 | 14:45 |
 Dizaýny kanuny taýdan goramaga bagyşlanan seminar geçirildi

16-17-nji oktýabr aralygynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Dizaýnyň kanuny goragy. Ýewraziýa sebitinde senagat dizaýnlaryny kanuny goramak ulgamlaryny ösdürmek" ady bilen seminar geçirilýär.

Bu çäre, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet intellektual eýeçiligi döwlet gullugy tarapyndan hem-de Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygy Ata Annaniýazow we Ýewraziýa patent edarasynyň (EAPВ) prezidenti Grigori Iwliýew ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini belläp, sebitde bu ugurda hukuk ulgamynyň ösüşi barada nygtap geçdiler.

Maslahatda çykyş edenleriň arasynda dizaýn hukuklaryny goramak boýunça guraasynyň bilermenler, hünärmenleri bar. Gatnaşyjylar öz arasynda tejribe alyşyp, pikirlerini paýlaşýalar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: