Iň täze habarlar

BMG-niň Ženewadaky edarasy Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi

15.10.2024 | 16:40 |
 BMG-niň Ženewadaky edarasy Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy. 14-nji oktýabrda sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew birinji bölümçede çykyş etdi. Çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýurdumyzda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça maksatnamanyň tamamlanandygy bellenildi. Bu syýasy erkiň we BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.

15102024-v-zhenevskom-ofise-oon-vysoko-ocenili-usiliya-turkmenistana (2).jpeg

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow ýokary derejeli bölümçäniň çäginde çykyş etmek bilen jemi 32 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň we 5 müňden gowrak adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigini nygtady.

15102024-v-zhenevskom-ofise-oon-vysoko-ocenili-usiliya-turkmenistana (3).jpeg

Bu bolsa adam hukuklaryny goramakda we halkara hukugyny berjaý etmekde Türkmenistanyň ygrarlylygyny görkezýär.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy

Şeýle hem okaň: