Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwaldylan gaz we ýeňil senagaty önümleri satyldy

22.11.2024 | 08:39 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwaldylan gaz we ýeňil senagaty önümleri satyldy

21-nji noýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy.

Täjigistanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen suwaldylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 30 400 manada we 2 287 500 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: