Iň täze habarlar

Türkmenistanyň hususy kompaniýalary we döwlet edaralary Hytaýdaky halkara sergisine çagyrylýar

22.11.2024 | 13:00 |
 Türkmenistanyň hususy kompaniýalary we döwlet edaralary Hytaýdaky halkara sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Hytaýdaky Harytlaryň goralýan geografiki görkezijileriň halkara sergisiniň hem-de Import iýmit we oba hojalyk önümleriň halkara sergisiniň gatnaşyjylary bolmaga çagyrylýar.

PGIE&CIFA 25-nji halkara sergisi 2025-nji ýylyň 26-28-nji sentýabrynda Hytaýyň Çžençžou şäherinde geçiriler.

Bu sergi sertifisirlenen oba hojalyk we iýmit önümleriň tanyşdyrylyşy üçin özboluşly platformany hödürläp, maýa goýum barada gepleşikleriň geçirilmegi, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň kärhanalaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin meýdança hökmünde hyzmat edýär.

PGIE&CIFA pudaklaýyn kuwatlyklary ýygnap, serişdeleri täze görnüşinde birleşdirer, bu bolsa sergini we maslahaty bütin dünýäde iýmit we oba hojalyk önümlerini import ediji kärhanalary üçin hem-de sarp ediş derejesine düşünmek we ösüş tendensiýalary üçin toplumlaýyn platforma öwürer.

Eksponatlar iýmit önümleriň we içgileriň giň görnüşlerini, şeýle hem hyzmatlar söwdasyny öz içine alýar.

ORIENT news

Foto: totalexpo.ru

Şeýle hem okaň: