Hytaýda Internet meseleleri boýunça Ählumumy maslahatyň Uçžen sammiti açyldy
21.11.2024 | 13:00 |Hytaýyň Gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Uçžen şäherçesinde 2024-nji ýylyň Internet meseleleri boýunça Ählumumy maslahatyň Uçžen sammiti (WIC) açyldy. Çäre 1000-den gowrak wekilleri, şol sanda halkara guramalaryň, döwlet edaralaryň, meşhur Internet-kompaniýalaryň wekillerini, şeýle hem bilermenleri we alymlary ýygnady.
2024-nji ýylyň bu çäräniň mowzugyň ady - “Adamlara we Emeli aňyň bähbit üçin ulanylmagyna gönükdirilen sanly geljegiň kabul edilmegi: kibergiňişlikde umumy geljegi bolan bileleşigiň gurulmagy”. Ol Ösüşiň ählumumy başlangyjy, sanly ykdysadyýet we emeli aň tehnologiýalaryny dolandyrmak (EA) ýaly 24 bölümçäni öz içine alýar.
Gatnaşyjylar emeli aň, uly maglumatlar, bulutlaýyn hasaplama we blokçeýn ulgamlary boýunça innowasiýalary ösdürip, şol bir wagtyň özünde ylmy gazananlary amaly gollanmalara öwürmek işini çaltlaşdyrmaga çagyrdylar. Şeýle-de, gatnaşyjylar adamlaryň maddy hal-ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen emeli aňyň ösdürilmegine ýardam etmek babatda bir umumy pikire geldiler. Bu tagallalar jemgyýetçilik howpsuzlygyna, adam hukuklarynyň hormat goýulmagyna, ählumumy gymmatlyklara we adamlara gönükdirilen emeli aň tehnologiýalary babatda etiki çemeleşmä ähmiýet bermeli.
“Emeli aň adamlaryň ýaşaýşyny orän ýokary tizlikde üýtgedip dur” – diýip, BMG-niň ykdysady we jemgyýetçilik meseleleri boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Li Szýunhua açylyş dabarasynda gatnaşyjylara wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenip belledi.
Şeýle-de, baş forumyň çäklerinde Internetiň ösdürilmegine goşan goşandy üçin 18 sany WIC 2024 Global Youth Leaders liderleri sylaglamak dabarasy geçirildi. 2023-nji ýylda döredilen WIC Global Youth Leadership Programm Maksatnamasy bütin dünýäde Internet ulgamy boýunça ýaş zehinleri ýüze çykarýar.
Sammitde ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soňra WIC seljeriş merkeziniň hyzmatdaşlyk maksatnamasyny hem-de WIC sanly akademiýany işe girizmek dabarasy geçirildi.
WIC Digital Academy sanly pikirlenme we endiklerine eýe bolan professionallary taýýarlamaga niýetlenen. Bilimleriň we tehnologiýalaryň ählumumy akymyna ýardam etmek bilen, Institut sanly deňsizligi ýeňip geçmegi hem-de has köp ýurtlary we adamlary Internet ösüşiniň artykmaçlyklary bilen üpjün etmegini maksat edinýär.
ORIENT news