Iň täze habarlar

Hytaýyň 10 sany şäherinde 5G+ senagat Internetiň synag maksatnamasy işläp başlaýar

20.11.2024 | 15:05 |
 Hytaýyň 10 sany şäherinde 5G+ senagat Internetiň synag maksatnamasy işläp başlaýar

Hytaýyň 10 sany şäherinde 5G+ senagat Internetiň toplumlaýyn ulanylyşyny ösdürmek boýunça synag maksatnamasy işläp başlady.

Nankin, Uhan, Sindao we beýleki 7 sany şäher 5G+ senagat Interneti üçin ilkinji synag şäherleri hökmünde saýlanyp alyndy. Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň (MIIT) maglumatlaryna görä, bu şäherler hem sebit, hem milli derejede täsir etjek innowasion ekoulgamlaryny hem-de 5G esasynda senagat klasterleriň ösdürilmegine gönükdiriler.

Bu işde 5G we senagat Interneti ulgamlarynyň soňky gazananlary ulanylar.

Ministrlik synag maksatnamasyny gyşarnyksyz ornaşdyryp, bu şäherleri innowasiýa we 5G+ senagat Internetiň tiz ornaşdyrylmagynyň göreldelik nusgalaryna öwürer.

ORIENT news

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: