Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar forumyna gatnaşdy
22.11.2024 | 08:25 |Ýakynda Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar forumy geçirilip, ol sebitiň akademik bileleşikleriniň wekillerini we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryny birleşdirdi. Türkmenistandan Telekommunikasiýa we informatika institutynyň rektory N.Kulyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Ö.Öwezsähedow wekilçilik etdiler.
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň çykyşlary Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky üstünliklerine, giň gerimli döwlet özgerişliklerine we taryhy başlangyçlara bagyşlanyldy.
Türkmen wekiliýetiniň nutuklarynda Türkmenistanyň innowasiýa ösüşiniň nyşanyna öwrülen ýurtda ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň ösüşi barada aýdylyp, iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň esasynda gurulan bu şäheriň ýurduň durnukly ösüşe bolan islegini açyp görkezýändigi hem-de onuň bilim ulgamynda möhüm orun tutýandygy barada bellenildi. Arkadag şäheriniň okuw binalary öňdebaryjy sanly çözgütler bilen enjamlaşdyrylan, bu bolsa talyplaryň taýýarlyklarynyň ýokary hilini üpjün edýär.
Şeýle-de, Arkadag şäheriniň bilim berýän edaralary akademik mobilligiň hem-de inženeriýa, IT we ekologiýa ýaly pudaklarynda hünärmenleriň taýýarlanylmagynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyryp, halkara hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar. Bu şäher geljegiň tehnologiýalarynyň we milli däpleriň üstünlikli sazlaşygyň aýdyň mysaly boldy.
Türkmen wekiliýetiniň çykyşlarynda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi barada hem durup geçildi. Foruma gatnaşyjylar bu şanly senä bagyşlanan giň gerimli ylmy we medeni çäreleri bilen tanyşdyryldy. Hem Türkmenistanyň çäginde, hem-de daşary ýurtlarda Magtymgulynyň edebi mirasynyň millitiň nyşany we häzirki zaman ýaşlary ruhlandyryjy nusgasy hökmünde wagyz edilmegine gönükdirilen halkara ylmy maslahatlar, edebiýat bäsleşikleri we barlag taslamalary geçirilýär.
Şeýle-de, Magtymgulynyň edebi mirasynyň ýaş ösüp gelýän nesli watansöýüjilik, ynsanperwer hem-de gelip-çykyşyňa hormat goýmak ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada aýrtyn bellenildi. Beýik şahyryň eserlerini dünýä dillerine tejrime etmek baradaky başlangyç barada aýratyn bellenildi, sebäbi bu işler Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen medeni gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Çäräniň ahyrynda foruma gatnaşyjylar tanyşdyrylan maglumatlara ýokary baha berip, olaryň sebitara we halkara akademik hyzmatdaşlygyna goşýan goşandyny ykrar etmek bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny bildirdiler.