Aşgabatda mugt iñlis dili okuwlary başlaýar
22.11.2024 | 08:40 |2025-nji ýylyñ ýanwar-dekabr aýlarynda Aşgabat Halkara mekdebi tarapyndan (AIS) American English maksatnamasy geçirilýär. Bu Maksatnama 11-25 ýaş aralygyndaky ýaşlara mugt iñlis dili okuwlaryny hödürleýär.
Sapaklar agşam geçirilip, bu bolsa okaýan we işleýän ýaşlar üçin amatly ýagdaý döredýär.
Bu Maksatnama çaltlaşdyrylan okuw formatynda iñlis dilini bilmek we onda gürleşmek ukyplaryny ösdürmäge ajaýyp mümkinçiligini hödürleýär. Gantaşyjylar ýokary taýýarlykly mugallymlar bilen işleşip, dostlukly ýagdaýda öz dil bilimlerini kämilleşdirip bilerler.
Maksatnama we bellige alnyş şertleri baradaky has giñişleýin maglumatlar şu salgyda elýeterli.