Türkmenabatda II türkmen-özbek forumy we özbek harytlarynyñ sergisi geçirilýär (wideo)
21.11.2024 | 15:25 |Düýn Türkmenabadyñ "Türkmeniñ ak öýünde" II türkmen-özbek sebitara forumynyñ hem-de özbek harytlarynyñ milli sergisiniñ dabaraly açylşy geçirildi. Çäre iki ýurduñ ministrlikleriniñ, pudaklaýyn edaralarynyñ, sebitara dolandyryşyñ, işewürligiñ hem-de jemgyýetçiliginiñ wekillerini birleşdirdi. Aýdym-saz toparlarynyñ çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyny döretdiler.
Bu Forum we sergi Türkmenistan we Özbegistan sebitleriniñ arasyndaky işjeñ özara gatnaşygynyñ aýdyñ subutnamasy boldy. Energetika, oba hojalygy, medeniýet, ylym we bilim pudaklaryndaky hyzmatdaşlyklary üstünlikli amala aşyrýan ýurtlaryñ arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar esasy orun tutýar. Özbegistanyñ Söwda-senagat edarasynyñ başlygynyñ orunbasary Dilşod Rasulow Forumyñ ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi:
— Ilki bilen, bu ýerde bize görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Ýurtlarymyzyñ arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge bolan islegimiz telekeçilerimiz üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýär. 2023-nji ýylyñ jemleri boýunça ýurtlarymyzyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 1 mlrd gowrak amerikan dollara barabar boldy. Bu hem gutarnykly görkeziji däldir - entek öñumizde täze wezipeler dur. Özbegistanda öndürilen harytlarymyzyñ dünýä arenasynda öz möhüm ornuny tutýandygyna biz, diýseñ, begenýäris".
Sergide dag-magdan, demirönüm, nebit-gaz, himiýa we beýleki pudaklarda iş alyp barýan özbek döwlet edaralarynyñ we hususy kompaniýalarynyñ önümleri we hyzmatlary görkezilen.
Pawilýonlarda maşyn gurluşyk, gurluşyk materiallary, durmuş tehnikasy, azyk we lukmançylyk serişdeleri önümleri ýerleşdirilip, özbek telekeçileriniñ uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga bolan isleglerini açyp görkezýär.
Gazanylan üstünlikler we geljekki meýiller barada Uzeltehsanoat assosiasiýasynyñ wekili Sultanhon Holmuhammedow aýdyp berdi:
"Şu gün biz bu sergä gatnaşyp, öz önümlerimizi, hususan-da, daşky we içerki sowadyjy bloklaryny, şeýle hem şemallatma enjamlarynyzy hödürleýäris. 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran eksportymyz 7 mln golaý ABŞ dollaryna barabar boldy. Şu ýyl bu görkezijileri ýokarlandyrmagy meýilleşdirýäris. Şunuñ ýaly sergilere gatnaşmagymyz bize täze hyzmatdaşlary edinmäge hem-de gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär".
Günuñ ikinji ýarymynda işewür duşuşyklary geçirilip, olarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, innowasion tehnologiýalary ulanmakda tejribe alyşmak hem-de oba hojalygy, energetika, dokma we farmasewtika ýaly pudaklaryny ösdürmek barada maslahatlaşyldy.
Forumda medeni özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Buhara şäheriniñ "Nagishbant" merkeziniñ keşdeçisi Dilowar Boltaýewa meşgullanýan senedi barada gürrüñ berdi:
"Biz köpasyrlyk taryhy bolan sungaty, ýagny el iş ýakalary bilen bezelen milli egin-eşikleri hödürleýäris. Bu senediñ syrlary nesilden-nesle geçirilýär. Käbir önümleriñ öndürilmegine birnäçe aýlar sarp edilýär. Bu işlerimizi Buhara gelýän syýahatçylara hödürläp, nagyşlary döretmek işi bilen tanyşdyrmak üçin olary merkezimize çagyrýarys. Şu günki Forum türkmen kärdeşlerimiz bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Senetlerimiziñ umumy kökleri bar, emma olar görnüşi boýunça tapawutlanýar: türkmen keşdeçileri geometriki şekilleri ulanýan bolsalar, bizde gül nagyşlary we miwe şekilleri agdyklyk edýär".
Dabara Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen iki ýurduñ sungat ussatlarynyñ konserti bilen tamamlandy.
Forum we sergi öz işini dowam edip, iki halkyñ arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.
ORIENT news