Iň täze habarlar

GDA-da "Arkalaşygyñ moda paýtagty" atly maksatnamasynyñ döredilmegi mümkin

21.11.2024 | 11:45 |
 GDA-da "Arkalaşygyñ moda paýtagty" atly maksatnamasynyñ döredilmegi mümkin

Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda "Arkalaşygyñ moda paýtagty" atly täze döwletara maksatnamasyny döretmegi meýilleşdirýärler.

Bu başlangyç Russiýanyñ Federasiýa Geñeşiniñ Başlygynyñ orunbasary Inna Swýatenko tarapyndan Sankt-Peterburgda geçirilen "Moda arkalaşygy" atly III Halkara forumynda teklip edildi.

Onuñ pikirine görä, önümçilik we söwda hyzmatdaşlygynyñ pugtalandyrylmagy, täze berk gatnaşyklaryñ döredilmegi wajypdyr.

Forumyñ netijesinde Arkalaşygyñ moda senagatynyñ wekilleri peýdaly işewür gatnaşyklaryny ýola goýup, logistika ugurlarynyñ ösdürilmegi we marketpleýsleriñ meşhurlygy bilen önümleriñ ileri tutulýan satuw bazarlaryny tapyp bilerler, diýip Inna Swýatenko hasaplaýar. Ol Forumyñ çäklerinde ýetilen ylalaşyklaryñ ýeñil senagatynda, döredijilik senagatynda, dizaýner pikirleriniñ we moda brendleriniñ döredilmeginde hem-de ösdürilmeginde täze itergi boljakdygyna ynam bildirdi. Halkara foruma gatnaşyjylar kömek pullary we ýeñillikli karzlar arkaly öndürijileriñ goldanylmagy, medeni kodyñ saklanylmagy barada maslahatlaşdylar.

Şeýle-de çärede serişdeleriñ netijeli ulanylmagyna we milli brendleriñ ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlyk Konsepsiýasy barada gürrüñ edilip, harytlaryñ markalama ulgamy hem-de pes hilli harytlaryñ satuwlarynyñ öñüni almak üçin Platformalaýyn ykdysadyýet baradaky Kanuny babatda maglumatlar bilen paýlaşyldy.

Kollejleriñ, sebitara ministrlikleriñ we kärhanalaryñ hyzmatdaşlygy arkaly ýeñil senagaty üçin hünärmenleri taýýarlaýan "Professionalitet" taslamasy bilen tanyşdyryldy.

ORIENT news

Foto: iacis.ru

Şeýle hem okaň: