Iň täze habarlar

Türkmenistanda ýokary synp okuwçylary üçin iňlis dili boýunça kitap çap edildi

20.11.2024 | 12:25 |
 Türkmenistanda ýokary synp okuwçylary üçin iňlis dili boýunça kitap çap edildi

Ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) neşir edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilmegine görä, bu okuw kitaby okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerine esaslanylyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryndan hem-de öňdebaryjy tejribelerden netijeli peýdalanylyp taýýarlanyldy.

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby bu dersiň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwçylaryň iňlis dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edilen birnäçe resminamalaryň, şol sanda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak hem-de kämilleşdirmek babatynda esasy ýörelge bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir basgançagynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň milli we daşary ýurt innowasion tejribesine laýyklykda okadylmagyny gazanmagy göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: