Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 72 geleşik hasaba alyndy

18.11.2024 | 12:45 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 72 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 72 geleşik hasaba alyndy.

Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt walýutasyna “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologiýa desgalarynda işlenilen suwaldylan gazy we ýagtylandyryjy nebiti satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň işewürleri kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny we karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna ýorgan-düşek toplumlary, nah ýüplükler, buýan köküniň gury ekstrakty, jins önümler, agardylmadyk matalar satyldy. Satyn alyjy-ýurtlar: BAE, Serbiýa, Azerbaýjan, Gyrgyzystan. Söwdalaşyklaryň umumy bahasy 24 mln 818 müň amerikan dollara baraba boldy.

Içerki bazara türkmen işewürleri umumy bahasy 90 mln 88 müň manada barabar bolan nebit ýol bitumy we gaplaýjy örtükleri (“Türkmennebit” DK), şeýle hem float kagyz aýnasyny, el halylary, nah ýüplükleri, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: