Aşgabatda Mustafa Kemal Atatürki hormat bilen ýatladylar
10.11.2024 | 11:00 |Şu gün, 10-njy noýabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrjysy we ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürki hormat bilen ýatladylar. Türkmenistandaky Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan hatyra dabarasy Atatürk adyndaky seýilgähinde geçirildi.
Dabara dymmak pursatyndan başlady, soňra bolsa iki ýurduň arasyndaky hormatyň we berk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet gimnleri ýaňlandy. Atatürküň heýkeline gül goýulyşyk bolsa dabaranyň esasy bölegi boldy.
Mustafa Kemal Atatürk meşhur serkerdebaşy, özgeridiji we häzirki zaman Türkiýäniň esaslandyryjysy bolup, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýet. Onuň tagallasy bilen 1923-nji ýylda Türkiýe dünýewi, deňlik we demokratiýa ýörelgelerine esaslanan respublika boldy. Onuň geçiren özgerişlikleri bilim, hukuk, ykdysadyýet we medeniýet ýaly durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alyp, häzirki zaman Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutdylar.
Dabaranyň ahyrynda Ilçihananyň wekilleri we belent mertebeli myhmanlar çykyş edip, bu günüň wajyplygy we Atatürküň häzirki Türkiýäniň ösüşine eden täsiri barada bellediler.
Mustafa Kemal Atatürk 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda aradan çykdy.