Týananmen meýadançasynda badalga alan 2024-nji ýylyň Pekin marafony 30 müňe golaý gatnaşyjyny, şol sanda görüş we ses bozulmalary bolan adamlary jemledi. Bu barada China Daily habar berýär.
Hususan-da, oňa 2019-njy ýylyň oktýabrynda ylgamak ýaly sport görnüşinde deň mümkinçilikleri öňe sürmek maksady bilen döredilen Running in the Dark haýyr-sahawat toparynyň wekilleri gatnaşdy.
Olara meýletin-ýol beletler kömek etdiler.
Pekin marafony – Pekinde geçirilýän her ýylky marafondyr. Ol 1981-nji ýylyň oktýabryndan başlap geçirilýär. Marafon ýaryşy Týananmen meýadançasynda başlap, Olimpiýa sport toplumynyň stadionynda tamamlanýar.
ORIENT news
