Iň täze habarlar

Azerbaýjanda ulag-kommunikasiýa holdingi döredildi

09.11.2024 | 11:25 |
 Azerbaýjanda ulag-kommunikasiýa holdingi döredildi

Azerbaýjanda ulag-kommunikasiýa holdingi döredildi (AZCON).

Respublikanyň Prezidenti Ilham Aliýew degişli Karara gol çekdi diýip, Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentiligi belleýär.

Şeýle-de holdingiň dolandyrylyşyna geçiriljek döwlet kärhanalarynyň, köpçülikleýin hukukly we döwlet paýy bolan hojalyk jemgyýetleriň ýuridiki şahslarynyň sanawy tassyklanyldy.

“Azerbaýjan Howa Ýollary”, “Azerbaýjan Hazar deňiz gämiçiligi”, “Baku metropoliteni”, “Baku halkara deňiz söwda porty”, “BakuBus”, “Baku gämi gurluşyk zawody”, “Azerkosmos”, “Aztelekom”, “Azerbaijan International Telecom” we “Azerpoçta” ýaly paýdarlar jemgyýetleri holdingiň düzümine girizildi.

AZCON kompaniýasynyň umumy ýolbaşçylyk işini synçy geňeşi, şeýle hem ýolbaşçy – baş direktor amala aşyrar. Holdingiň Düzgünnama gaznasy 10 mln manat möçberinde kesgitlenilip, ol kompaniýanyň dolandyrylyşyna geçirilen döwlet kärhanalary tarapyndan töleniljek serişdeleriniň hasabyna düzüler.

Ulag-kommunikasiýa holdingi döretmek baradaky karary ulag-kommunikasiýa pudagynda hereket edýän döwlet kärhanalarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen.

ORIENT news

Foto: miit.ru

Şeýle hem okaň: