Iň täze habarlar

CIET 2024: Täze taslamalar, bazaryň ösüşi we hyzmatdaşlygyň geljegi

03.11.2024 | 15:50 |
 CIET 2024: Täze taslamalar, bazaryň ösüşi we hyzmatdaşlygyň geljegi

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2024) atly halkara maslahaty açyldy, onuň çäginde ykdysadyýetiň bu pudaklarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini görkezýän köp ugurly sergi geçirilýär.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Energetika ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň häkimligi çäräni gurnaýjylar bolup çykyş edýärler.

03112024-ciet-2024-novye-proekty (3).JPEG

“CIET 2024” şeýle hem, gurluşyk tehnologiýalary, senagat önümçiligi, energiýa, jemagat hyzmatlary we şäherlerde we obalarda durmuşy guramak, şeýle hem täze sebit infrastruktura taslamalary bilen baglanyşykly häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 70 daşary ýurtly we 30-dan gowrak Türkmenistanyň hususy kompaniýasyny bir ýere ýygnady.

Günüň birinji ýarymynda himiki dökünleri öndürmekdäki ählumumy meýillere bagyşlanan maslahatdan öňki mejlisi, ikinjisi “Durnukly şäherler we jemgyýetler: ýaşlaryň geljegi” mowzugyna bagyşlandy.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda täze ugurlar we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şol ýerde halkara ähmiýetli täze maýa goýum taslamalary hödürlendi.

03112024-ciet-2024-novye-proekty (1).JPEG

Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamammedow, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow, Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew, “Çalık Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak “Daewoo Engineering & Construction Co. Ltd.” kompaniýasynyň başlygy Çon Wanju, şeýle hem “Mitsubishi” ýapon korporasiýasynyň wekilleri we başgalar bar.

03112024-ciet-2024-novye-proekty (6).JPEG

Maslahat 4-nji noýabr, duşenbe güni tematiki sessiýalarda öz işini dowam etdirer. Olar energiýa, gaz himiýasy we dökün önümçiligine, akylly Arkadag şäherine, gurluşyk materiallarynyň önümçiligine we täze infrastruktura taslamalary maliýeleşdirilmegine ünsi jemläp, uglewodorod çeşmeleriniň monetizasiýasyny we diwersifikasiýasyny çaltlaşdyrmaga bagyşlanýar.

03112024-ciet-2024-novye-proekty (2).JPEG

Senagatyň ösmeginde we täze ýollaryň gurulmagynda, tehnologiki innowasiýalarda we ýokary taýýarlyklary işgärleri taýýarlamakda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň ornuna aýratynlykda serediler. “CIET 2024”-iň iş meýilnamasy, maslahatdan başga-da, ähtnamalara we şertnamalara gol çekmegi, okuw maslahatlaryny, tegelek stollary geçirmegi öz içine alýar, şol döwürde içerki we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşyjylary söwda, senagat zolaklaryndaky häzirki zaman öňdebaryjy tejribeleri, elektron söwda, ýeňillikleri, ýol ulag infrastrukturasyny ynamdar dolandyrmak, kärendesine we karz bermek ýaly amallary bilen tanyşdyrar.

Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň milli kompaniýalarynyň we ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guraldy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: