“CIET 2024”: Aşgabatda gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahat we sergisi öz işine başlady
03.11.2024 | 12:10 |Şu gün Aşgabatda 3-5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET 2024) atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Çäre Türkmenistanyň gurluşyk we senagat pudagynyň işgärleriniň güni mynsaybetli geçirilip, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentligi, Energetika ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guraldy.
Forum dünýäniň 30 ýurdundan 300-den gowrak wekillerini, şol sanda işewür toparlarynyň, iri halkara korporasiýalarynyň we döwlet edaralarynyň tanymal wekillerini özüne çekdi. Umumy mejlisde gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, şeýle hem sebit we yklym derejesinde ykdysady goşulşma ýardam etmek üçin bu pudaklaryň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ýaly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary – “Çalık Holding” müdirliginiň başlygy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň prezidenti Erman Iliçak, “Mitsubishi” kompaniýasynyň sebit wekili Ýasunori Sakamoto we “GAP İnşaat” ýaly dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň wekilleri bar.
Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň girdejiligini we diwersifikasiýasyny çaltlaşdyrmak mümkinçilikleri, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we gaz-himiýa toplumlarynyň girdejiligi forumyň möhüm mowzuklarynyň biridir.
Şeýle-de bu mowzugyň çäklerinde dökün önümçiligi we täze energetika desgalarynyň gurulmagy barada maslahatlaşylýar. Maslahatlaşmalara “Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit” (GIZ), “S&P Global”, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.”, “ASOS PROSES MAKİNA SANAYİ VE TİCARET A.S.” ýaly kompaniýalarynyň wekilleri we bilermenleri gatnaşýar.
“Akylly” Arkadag şäheriniň ösüşi we gurluşygyň öňdebaryjy standartlarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde binalaryň seýsmiki çydamlylygy ýaly meseleler maslahatyň esasy ugurlarynyň arasyndadyr.
Bu mowzuk boýunça maslahatlaşmalara şäher dolandyryşyň ýolbaşçylary, şeýle hem “Bouygues Turkmen”, “Rönesans Endüstri Tesisleri İnşaat” we “Interbudmontaz” ýaly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýar.
Mundan başga-da, “CIET 2024” maslahatynda ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürmek we Türkmenistanda infrastruktura desgalaryny maliýeleşdirmek ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.
Ykdysadyýetiň we söwdanyň ösdürilmegine, şeýle-de gurluşyk we energetika pudaklarynda hünärmenleri taýýarlamak işine ýardam berýän sanlylaşdyrma ulgamyna aýratyn üns berilýar. Forumyň barşynda gatnaşyjylar bu pudaklaryň durnukly ösüşine goldaw bermäge we olaryň iş kuwwatlygyny giňeltmäge gönükdirilen ylmy işläp taýýarlamalary ara alyp maslahatlaşýarlar.
CIET 2024 Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň açylmagyna, ýurduň senagat binýadynyň kämilleşmegine hem-de özgerişlikleri goldamak üçin innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen halkara gepleşikleriň we pikir alyşmalaryň möhüm meýdançasyna öwrülýär.
ORIENT news