Hytaýyň CNOOC nebit kompaniýasy yrak ýatagyny işläp taýýarlamak baradaky şertnama gol çekdi
31.10.2024 | 14:20 |Hytaýyň CNOOC nebit kompaniýasy Yragyň Midland Oil Company döwlet kompaniýasy bilen Blok 7 meýdançasynda nebitiň gözleg işleri, işläp taýýarlaýyşy we gazyp alynyşy baradaky şertnama (EDPC) gol çekdi. Bu barada Reuters-a salgylanyp, Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi belleýär.
Blok 7 ýatagynyň meýdany 6300 km2 barabar bolup, ol Merkezi Yragyň Diwaniýa welaýatynda ýerleşýär. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Hytaýyň ulylygy boýunça üçünji orunda durýan CNOOC nebit kompaniýasy özüniň CNOOC Africa Holding Ltd. bölümçesi arkaly 6300 km2 meýdany tutýan bu ýeri dolandyrar we oňa gözegçilik eder.
Bu şertnama Yragyň täze strategiýasynyň bir bölegi bolup, oňa görä Yrak daşary ýurt maýadarlary çekip, olaryň diňe bir hyzmatlaryny tölemän, eýsem olara nebitiň alynyşyndan girdeji paýyny hödürleýär.
Gözlegleriň başlangyç tapgyry üç ýyla meýilleşdirilýär.
CNOOC eýýäm Yrakda iş alyp baryp, ýurduň günortasynda ýerleşen Maýsan welaýatynda ýatagyň işläp taýýarlamalary bilen meşgullandy.
Awgustda CNOOC kompaniýasynyň top-menejeri Blok 7 meýdançasy iri ýataklarynyň üstüniň açylmagyna getirip bilýändigi barada belläp geçdi.
ORIENT news