CNPC we “КазМунайГаз” Gyzylorda oblastynda nebitiň gözlegi boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar
29.10.2024 | 15:35 |CNPC Hytaýyň milli nebit-gaz kompaniýasy Gazagystan Respublikasynyň “КазМунайГаз” (golçur kompaniýasy - “Samruk-Kazany”) milli nebit-gaz kompaniýasy bilen bilelikde Gazagystanyň Gyzylorda oblastynda nebitiň gözlegleri boýunça iş layp barar. Bu barada “КазМунайГаз” milli kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýeti habar berýär. Neşir edilen habara laýyklykda, bu hyzmatdaşlyk geologiýa gözleg işleriniň giňeldilmegine, täze ýerleriň barlaglaryna, nebit gorlaryň üstüniň dolmagyna hem-de innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Eger-de 2013-nji ýylda Gyzylorda oblastynda nebitiň alynyşy 11 mln tonna barabar bolan bolsa, 2023-nji ýylyň görkezijisi – 4 mln tonnadan az. Çaklamalara görä, şu ýyl nebit önümçiliginiň möçberi takmynan 3 % peseler (şu ýyl 3,6 mln tonna nebit alynar, bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 100 müň tonna azdyr).
Esasy ýataklarda gorlaryň azalmagy sebäpli Gyzylorda oblastynda nebitiň alynmagy peselmegini dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, “КазМунайГаз” dolandyryşynyň başlygy Ashat Hasenowyň pikirine görä, Gyzylorda we Karaganda oblastlarynyň çäklerinde ýerleşen Günorta-Torgaý nebit-gaz sebitiniň möhüm ösüş mümkinçiliklere eýe bolup, has çuňlaşdrylan barlaglary talap edýär.
Gorlaryň üstüniň dolmagy, “КазМунайГаз” ýolbaşçylarynyň pikirine görä, diňe daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde giň gerimli geologiýa gözleg işleriniň alnyp barylmagynyň netijesinde mümkin bolup durýar. “КазМунайГаз” we CNODC (CNPC kompaniýasynyň golçur kompaniýasy) arasyndaky bar bolan ylalaşyklary sebitiň geologiýa gözleg mümkinçilikleriniň bilelikdäki öwrenilişini öz içine alýar. Onuň netijesinde anyk ýerlerinde gözleg işleriniň geçirilmegi barada karar alynar.
Şeýle hem, Gyzylorda akimaty, Energetika ministrligi we “Kazgermunaý” bilelikdäki karhana (75 % - “КазМунайГаз”, 25 % - CNPC degişli) sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek barada Ähtnama baglaşdylar. Kärhananyň gaz taýýarlaýyş desgalarynda GDA-nyň içerki bazarlaryny üpjün etmek üçin beýleki ýataklardan çig gazy gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär.
ORIENT news