Aşgabatda OGT-2024 sergisiniň tamamlanmagy: halkara gatnaşjylaryň seslenmeleri
25.10.2024 | 19:30 |Aşgabatda ýurduň nebitgaz pudagynda işewür duşuşyklar we tanyşdyrylyşlar üçin iň iri meýdançalaryň birine öwrülen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2024) 29-njy Halkara sergisi we maslahaty tamamlandy. Forum iň täze tehnologiýalary, ileri tutulýan taslamalary we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp malshatlaşmak üçin pudagyň liderlerini, halkara kompaniýalaryň wekillerini we bilermenleri birleşdirdi.
Halkara gatnaşyjylar serginiň guramaçylyk derejesine we Aşgabadyň işewür ýagdaýyna ýokary baha berdiler. Gateway Ventures amerikan kompaniýasynyň Baş direktory Daniel Gunasilan 16 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň onuň kompaniýasy üçin strategik ähmiýetli hyzmatdaş bolandygyny belledi.
“Biz Petronas Carigali we Dragon Oil ýaly halkara kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp baryp, nebitgaz, dag-magdan we energetika pudaklary üçin önümleri we hyzmatlary hödürleýäris. Häzirki wagtda biziň hünärmenlerimiz Hazar deňzinde suwasty gözegçiligini alyp barýarlar” – diýip, ol belledi.
Daniel Gunasilan Türkmenistanyň paýtagty we onuň ýaşaýjylarynyň myhmansöýerligi baradaky öz duýgylary bilen paýlaşdy:
“Men dünýäniň 75 ýurdyna baryp gördüm, emma Aşgabat ýaly şeýle owadan we arassa şähere hiç duş gelmedim. Bu ýeriň halky örän dostlukly, bu bolsa Türkmenistanda işimizi has höweslendirýär”.
Şeýle-de ol, Gateway Ventures öz işini alyp barýan ýurtlarynda durmuş ähmiýetli taslamalaryny ösdürmek işlerine gatnaşmaga çalyşýandygyny belledi.
“Gazagystanda biziň üç halkara mekdebimiz bar, ol ýerde pudagyň ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlanylýar. Halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin şeýle okuw jaýyny Türkmenistanda hem açmak isleýäris” – diýip, ol kompaniýanyň meýillerini beýan etdi.
“OGT-2024” sergisine gatnaşmaklyk Türkmenistana ilkinji sapary bolan BGP hytaý kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Fan Hanjou serginiň giň gerimi we ýokary guramaçylyk derejesi barada aýratyn belläp geçdi. ORIENT korrespondentine beren interwýusynda ol Türkmenistanyň çäginde BGP kompaniýasynyň işiniň üstünlikli netijeleri barada belledi:
“Kompaniýamyz bu ýerde 2007-nji ýyldan başlap işläp başlady we häzirki wagtda 25 sany seýsmiki gözleg taslamalaryny tamamlap, olaryň 6-sy – 2D we 19 taslama – 3D görnüşinde. Bu taslamalaryň netijesinde 47 sany nebitgaz düzümleri açyldy”.
BGP kompaniýasy, esasan, Hytaýyň CNPC nebitgaz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar, we Fan Hanjouň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär.
OGT-2024 sergisi halkara maýadarlaryň we kompaniýalaryň Türkmeinstana bolan barha ösýän gyzyklanmasyny beýan etmek bilen, onuň sebitiň nebitgaz senagatynyň çalt ösýän merkezi hökmünde mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
ORIENT news