Iň täze habarlar

Goňşuçylyk gatnaşyklary: noýabr aýynda Türkmenabatda özbek önümleriniň sergisi geçiriler

26.10.2024 | 06:05 |
 Goňşuçylyk gatnaşyklary: noýabr aýynda Türkmenabatda özbek önümleriniň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatynda aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Prezident teklibi goldap, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, Türkmenistan goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi üstünlikli geçirildi.

ORIENT

Foto: uzexpocentre.uz

Şeýle hem okaň: