Iň täze habarlar

Hazar deňziniň türkmen böleginde ilkinji gezek Gazagystanyň burawlaýyş düzümi işläp başlar

25.10.2024 | 03:25 |
 Hazar deňziniň türkmen böleginde ilkinji gezek Gazagystanyň burawlaýyş düzümi işläp başlar

Gazagystanyň milli nebit-gaz “KazMunýGaz” kompaniýasynyň golçar kompaniýasy bolan – “KMG Drilling & Services” Hazar deňziniň türkmen böleginde buraw hyzmatlary üçin “Dragon Oil” bilen şertnama baglaşdy. Bu barada “KazMunaýGazyň” müdiriýetiniň başlygy Ashat Hasenow Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatynda habar berdi.

Taslamanyň çäginde Gazagystanyň “Satti” atly deňizde öz-özüni göteriji we ýüzüji burawlaýyş düzümi ilkinji gezek Çeleken meýdançasynda ulanylar. “Satti” deňizde öz-özüni göteriji we ýüzüji burawlaýyş düzümi Gazagystanda işlenip düzülen we Mangistau sebitindäki gämi abatlaýyş kärhanasynda gurlan ilkinji deňiz buraw desgasy boldy.

Gurluşyň uzynlygy 72 metr, ini 64 metr we beýikligi 119 metr bolup, beýikligi 26 gatly binanyň beýikligine deňdir. Gurluşyň umumy agramy 10,8 müň tonna. Ýakynda geçiriljek iş bilen baglanyşykly “KMG Drilling and Services” (“KazMunaýGaz”MK” PJ-niň golçar kompaniýasy) Aşgabatda şahamçasy açyldy. Bu bolsa Türkmenistandaky işlerini işjeň alyp barmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, milli kompaniýanyň ýolbaşçysy “KazMunaýGazy” burawlamak, we ýerasty guýularyny düýpli abatlamak üçin mümkinçiligi bar bolan hyzmatdaş hökmünde garamagy teklip etdi.

ORIENT news

Foto: kmg-ds.kz

Şeýle hem okaň: